Gyustaw Flober

Wikipediya, erkin ensiklopediya

Gyustaw Flober

(1821-1880)

Me?hur fransuz yazyjysy Gyustaw Flober Fransiyany? demirgazygynda yerle?yan Ruan ?aherinde dunya inipdir we cagalyk hem yetginjeklik yyllaryny ?onu? yaly kice?rak ?ahercelerde geciripdir. 1840-njy yylda ol Pari? uniwersitetini? hukuk hunarine okuwa giryar, emma 1843-nji yylda okuwy ta?layar. 1851-nji yylda Flober ozuni? ilkinji romanyny yazyp ba?layar. Bu eseri 1856-njy yylda ≪Hanym Bowari≫ ady bilen cap edileninden so? yazyja uly ?ohrat getiryar. Ustunlik gazanan yazyjy indiki eserini yazmak ucin Demirgazyk Afrika syyahat edyar, Gadymy Karfageni? taryhyny owrenyar. Netijede, ol ≪Salambo≫(1862) atly taryhy romanyny doredipdir.

1869-njy yylda Gyustaw Floberi? ≪Duygylary? terbiyesi≫ atly ucunji romany cap edilyar. Bu eserde yazyjy oz dowruni? syyasy hem jemgyyetcilik nogsanlyklaryny acyp gorkezmek islapdir. Yazyjy her bir romanyny? ustunde ba?-alty yyllap i?lapdir, eseri? her bir sozlemini, her bir jumlesini kamillige yetirjek bolupdyr. Gyustaw Flober birnace zehinli yazyjylara, ?ol sanda-da Gi De Mopassan , Edmon Abu yaly belli kyssacylara halypalyk edipdir. Ol Wiktor Gyugo , ?or? Sand , Iwan Turgenew yaly dunya belli yazyjylar bilen yakyn aragatna?yk saklapdyr.

1877-nji yylda Floberi? ≪Sada gowunli≫, ≪Irodiada≫, ≪Keramatly Yulian hakda rowayat≫ powestleri Pari?i? i? belli ?urnallarynda cap edilyar. Yazyjy ≪Buwar we Pekyu?e≫ atly so?ky romanyny tamamlap yeti?mandir, emma onu? ahyryny arhiwde galan garalamalar boyunca goz o?une getirip bolyar. 1880-nji yylda, Kruasse diyen yerde yazyjyny? omur tanapy kesilyar.

Gyustaw Floberi? doredijiligi Yewropa edebiyatyny? osu? yoluna oran uly tasir yetirdi. Edebiyatcylar Gyustaw Floberi edebiyaty? modernizm we naturalizm akymlaryny? ≪atasy≫ hasaplayarlar.